2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilelikdäki wezipeleri we ýeten üstünlikleri barada pikir alyşmak, şeýle-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak üçin oňyn esas bolup durýandygyny bellediler.Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Merkezi Aziýa we ABŞ üçin C5+1 formatyndaky sebit derejesindäki diplomatik dialogy goldaýandyklaryny tassykladylar.
Hususan-da, howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistan hem ABŞ medeni we bilim maksatnamalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ygrarlydyklaryny tassykladylar we bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek üçin esas bolup hyzmat etjek bilim pudagyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.