ABŞ-da Şu Gün Araki Saýlawlar Geçirilýär

ABŞ-da Şu Gün Araki Saýlawlar Geçirilýär

ABŞ-da bellige alynan saýlawçylar şu gün ýerli häkimiýetler bilen birlikde Wekiller palatasyndaky 435 kürsü, Senatdaky 100 kürsüniň 35-i üçin ses berýär.

Geçirlen soňky sowalnamalar, Respublikan partiýanyň Kongresiň aşakky ganady Wekiller palatasynda esasy köplüge eýe boljakdygyny görkezýär.

Kongresiň ýokary ganady Senatda bolsa kimiň üstünlik gazanjakdygy näbelli bolmagynda galýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden soňky saýlaw mitingini Nýu-Ýorkda geçirdi.

Baýdan araky saýlawlar üçin “Durmuşyňyzyň iň esasy saýlawy” diýip ýüzlendi we ýurduň ozalky Prezidenti Trampy tankyt etdi.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Tramp bolsa soňky saýlaw mitingini Ogaýo ştatynda geçirdi.

Tramp saýlawçylaryna “Senatda we Wekillet palatasynda esasy köplüge eýe bolarys we olary yzyna alarys. 2024-nji ýylda bolsa Ak Tama dolanyp bararys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Sýuzan Waýls Ak tamyň diwanyna ýolbaşçylyk eder
Trampyň ýeňişi we ABŞ…
ABŞ-da Saýlaw Bäsleşiginde Tramp Öňde Barýar
“ABŞ-nyň Altyn Asyry Başlaýar”
Tramp öz administrasiýasyny döredýär
Tramp türk asylly lukmany ýokary döwlet wezipesine hödürledi
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar