ABŞ-da sowuk howa sebäpli uçar saparlary goý bolsun edilmäge dowam edilýär

ABŞ-da sowuk howa sebäpli uçar saparlary goý bolsun edilmäge dowam edilýär

10 müňlerçe ýolagçynyň uçar saparyny goý bolsun eden Southwest Airlines kärhanasy, şu gün bolsa ýene-de 2 müň 357 uçar saparyny goý bolsun etdi.

FlightAware gözegçilik saýtynyň berýän habaryna görä, ABŞ-da şu gün goý bolsun edilen 2 müň 451 uçar saparynyň 2 müň 357-si Southwest Airlines kärhanasyna degişli.

Merkezi Dallasda ýerleşýän howa ýollary kärhanasy, ýaramaz howa şertlerinde uçuş toparlaryny pozisiýadan daşary goýup biljek ýeterlik derejede operatiw tehnologiýasyna eýe bolmandygyny boýun alyp, uçar saparlarynyň goý bolsun edilmeginiň dowam ediljekdigi barada duýduryş berdi.

Garly tupandan bäri uçar meýilnamasyny ýola goýup bilmeýän ýeke-täk howa ýollary kärhanasy bolan Southwest Airlines kärhanasy ýolagçylar we resmiler tarapyndan tankyt edildi.

ABŞ-nyň Transport ministri Pit Buttidžiç CNN kanalyna beren beýanatynda, uçar saparlarynyň goý bolsun edilmegi sebäpli Southwest Airlines kärhanasynyň jogapkärçilik çekjekdigini belläp: "Southwest Airlines kärhanasy öz ýolagçylaryny we bagažlary çetde dursun, öz ekipažynyň hem nirededigini anyklap bilenok. Ulgamlary hakykatdan hem bozuldy" diýip mälim etdi.

Southwest Airlines kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Bob Jordon paýlaşan wideo ýüzlenmesinde başdan geçirilýän kynçylyklar sebäpli ýolagçylardan we işgärlerden ötünç sorady.

Federal hökümet tarapyndan 10 müňden gowrak uçar sapary goý bolsun edilen Southwest Airlines kärhanasy bilen bagly derňew işi dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar
Jeýms 4-nji, Nowitski 6-njy orna geçdi
Sport habarlary gysga setirlerde
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
THÝ Dallasa Uçar Saparlaryny Guramaga Başlady