Amerikan halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berdi.
Saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, 50 ştatyň 24-de Tramp öňde barýar.
Donald Trampyň delegat sany 230-a, 16 ştatda üstünlik gazanan Harrisiň delagat sany bolsa 210-a ýetdi.
Prezidentlik üçin dalaşgärlerden biri azyndan 270-e eýe bolmaly.
Saýlawyň soňky görkezijilerine görä, Tramp sesleriň 51,1, Kamala Harris bolsa 47,3 göterimini aldy.
Beýleki tarapdan Senatda Respublikaçylar esasy köplüge eýe boldy.
Prezidentlik saýlawy bilen şol bir wagtda geçirilýän Kongres saýlawlarynyň çäginde Senatda Respublikaçylar 51 kürsä, Demokratlar bolsa 42 kürsä eýe boldy.