ABŞ-da prezident saýlawy üçin öňünden ses berişlik başlady

5-nji noýabrda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlary üçin Jorjiýa ştatynda öňünden ses berişlik başlady.Bu ştat saýlawda netijä täsir etmegi has güýçli bolan “sallanjak” ştatlaryň biri hasaplanýar.

Düýn başlan öňünden ses berişligiň 5-nji noýabra çenli dowam etjekdigi mälim edildi. 2020-nji ýyldaky saýlawdan soňra üýtgedilen ştatyň kanunlaryna görä, saýlaw uçastoklary ozalkysy ýaly gije gündiz we dynç günsüz açyk bolman, diňe günüň belli wagtlary açyk bolar. Şeýle hem ştatda saýlaw uçastoklarynyň sany azaldyldy. Ştatda saýlawyň netijeleriniň gysga wagtda köpçülige mälim edilmegi üçin hem üýtgeşiklik girizildi.

Täze düzgüne görä, etraplar saýlaw güni agşam sagat 20:00-da şol günüň netijelerini mälim ederler. Ştatyň ýolbaşçylary has aç-açan, tiz we adalatly netije almagy meýilleşdirýärler. Şeýle hem 17-nji oktýabrda Demirgazyk Karolinada hem öňünden ses berişlik başlanar.

ABŞ-da Günorta Karolina, Arkanzas, Tennessi, Ýuta, Arizona ýaly ştatlar ilatyň seýrek ýerleri hasaplanýar. Şol sebäpli bu ştatlar “durnuksyz” hasaplanyp, haýsy partiýanyň dalaşgärine ses beriljekdigi köpleri gyzyklandyrýar.

Ýurtda 60-njy prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler. Saýlaw esasy iki dalaşgäriň arasynda barýar Demokrat partiýanyň dalaşgäri Kamala Harris hem-de Respublikan partiýanyň dalaşgäri Donald Tramp.

Ýene degişli makalalar

Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Itakolumit çeýe daş
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda işlemäge başlady
Ýekegulak köpek dili bilen surat çekip, internetde meşhur boldy