ABŞ-nyň metbugatynda berilen habarlara görä, Jorjiýa ştatynyň Winder şäherindäki Apalaçi atly mekdepde ýerli wagt bilen sagat 11:30-da ýaragyň sesi eşidildi.
Mekdebe baran polisiýa gullugynyň işgärleri ýaragly hüjüm diýip häsiýetlendiren çäre gördüler we sebitde giň gerimli howpsuzlyk çärelerini aldylar.
Jorjiýa ştatynyň Derňew býurosy waka bilen bagly beren beýanatynda, hüjümde 4 adamyň ýogalandygyny we azyndan 9 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.
Barrou okrugynyň şerifi Jud Smit waka bilen bagly beren beýanatynda köp sanda adamyň ýaralanandygyny we şübhe astynda bolan adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.
Beýleki tarapdan CNN-e beýanat beren we ady aýan edilmedik howpsuzlyk habar çeşmesi, şübhe astyndaky adamyň 14 ýaşyndaky erkek çagadygyny habar berdi, emma şübhe astyndaky çaganyň şahsyýeti bilen bagly hiç hili maglumat bermedi.
Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda, hüjüm bilen bagly ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene maglumat berilendigi aýan edildi.
Beýanatda Jo Baýdeniň içerki howpsuzlyk maslahatçylary tarapyndan maglumat berilendigi we dolanşygyň hem federal hem-de ştat derejesinde resmiler bilen aragatnaşyk içindedigi habar berildi.
Birnäçe wagt soň waka bilen bagly ýazmaça beýanat beren Jo Baýden, hüjümde ýogalan adamlara gynanç bildirip, hüjüme örän gynanandygyny beýan etdi.