ABŞ-da maýmyn mama keseli bilen arabaglanşykly ilkinji gezek 1 adam ýogaldy

ABŞ-da maýmyn mama keseli bilen arabaglanşykly ilkinji gezek 1 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň saglygy goraýyş edaralarynyň resmileri maýmyn mama keseli bilen kesellän syrkawyň, ýurtda maýmyn mama wirusy sebäpli ýogalan ilkinji adamdygyny beýan etdiler we ýogalan syrkawyň Hýuston sebitinde ýaşaýan we immunitedi gowşak bolan ýetişen bir adamdygyny habar berdiler.

Dünýäniň iň uly maýmyn mama epidemiýasyna garşy göreş alynyp barylýan ýurtda 18 müňden gowrak adam şol kesele ýolukdy.

Häzirki wagta çenli dünýäniň 8 aýry ýurdunda maýmyn mama keseli sebäpli 15 adam ýogaldy.

Maýmyn mama keseli bilen bagly adam pidalary Kuba, Braziliýa, Ekwador, Gana, Hindistan, Nigeriýa, Ispaniýa we Orta Afrika Respublikasy ýaly ülkelerde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Argentina bilen Ekwador, Urugwaý bilen Braziliýa çärýek finalda duşuşar
ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan töwerege ot açdy
Messi penaltini geçirip bilmedi, şonda-da argentinler ýarym finala çykdy
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
BMG: Ukrainadaky uruşda 11 müň 700 raýat ýogaldy
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
4 ýylda 4 kubok (makala)