
ABŞ-nyň Arizona ştatynda iki kiçi uçaryň biri-biri bilen howada çakyşmagy netijesinde 2 adam ýogaldy.
Marananyň sebitleýin howa menziliniň golaýynda bir Cessna 172S we Lancair 360 MK II kysymly uçarlar biri-birleri bilen howada çakyşdylar.
Uçar heläkçiliginde 2 adam ýogaldy.
Marana sebitiniň häkimligi tarapyndan berilen beýanatda, uçarlarda jemi 4 adamyň bolandygyny, emma beýleki 2 adamyň saglyk ýagdaýlary barada maglumat berilmändigi habar berildi.
Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.