ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady

ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady

ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynda F-35 harby uçary heläkçilige uçrady.

Harby uçar öndüriji Lojkhedd Martin firmasynyň metbugat sekretary, Tehasdan Kaliforniýa uçan F-35 harby uçarynyň heläkçilige uçrandygyny mälim etdi.

Harby uçaryň Nýu-Meksiko ştatyndaky Kirland harby merkezinden ýangyç alandan soň halkara Sunport howa menziliniň golaýynda heläkçilige uçrandygy bellenildi.

Hassahanada bejergi alýan uçaryň uçarmanynyň ýagdaýynyň agyrdygy ýatladyldy.

Uçaryň näme sebäpli heläkçilige uçrandygy hakynda bolsa maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady