ABŞ-da güýçli ýagan gar zerarly howa gatnawlary togtadyldy

ABŞ-da güýçli ýagan gar zerarly howa gatnawlary togtadyldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gündogar kenarýakasynda ýagan güýç gar meýilleşdirilen köp sanly howa uçuşlarynyň togtadylmagyna sebäp boldy. “Kommersant” neşiriniň ýazmagyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýatyrylan uçuşlaryň sany takmynan 1,3 müňe ýetdi, soňky iki günde bolsa takmynan 2,5 müň howa gatnawy togtadyldy.

ABŞ-nyň degişli ýerlerinde ýagan güýçli gar tupany Nýu-Ýork, Nýu-Jersi we ýene-de birnäçe ştatda adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegine getirdi. Bostonda ýagan gar bolsa rekord derejede bolup, günüň dowamynda gar örtüginiň beýikligi 60 santimetre ýetdi. Ştatyň elektrik üpjünçilik ulgamynda bolan hadysanyň netijesinde hem 100 müňden gowrak adam elektrik energiýasyz galdy.

Häzir elektrik üpjünçilik ulgamynda ýüze çykan hadysanyň zyýanlary dikeldilse-de, ýene 50 müň müşderi üçin elektrik togy elýetersizligine galýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäheri
Iň tejribeli hünärmenler alakalara garşy göreşmek üçin Nýu-Ýorka ýygnanar
Hepdelik dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Iki kompaniýa “Milany” satyn almak isleýär
ÝUNISEF-iň täze ýerini ýetiriji direktory bellenildi
ABŞ-da Gar Sebäpli 3 Müňden Gowrak Uçar Sapary Bes Edildi