ABŞ-da elektron deri döretdiler

ABŞ-da elektron deri döretdiler

Tehasyň A&M uniwersitetiniň inženerleri adam derisine meňzeýän we 3D görnüşinde çap edilýän täze materialy döretdiler. Bu işläp taýýarlamany elektron deri we E-skin diýip atklandyrdylar diýip, Advanced Functional Materials (AFM) çeşmesine salgylanýan Mail.ru habar berýär.

Bu material sazlanyp bilinýän elektron we temperatura biosensorlama mümkinçilikleri bolan nanoinžener gidrogellerden durýar.

E-skin döredijiler bu materialyň adamyň saglygyna yzygiderli gözegçilik edýän we maýyplaryň durmuş derejesini ýokarlandyryp biljek geýip bolýan lukmançylyk enjamlaryny döretmek maksady bilen ulanylyp bilinjekdigine ynanýarlar.

Bu täzeçilligiň awtorlary-işläp düzüjileri E-skiniň häzirki bioelektrik enjamlaryndan birnäçe tapawutly artykmaçlygynyň bardygyny bellediler. Ilki bilen, E-skin has çeýe we elastik häsiýetli bolup, derä has gowy ýapyşyp bilýär. Ikinjidenem, E-skiniň elektrik geçirijiligi güýçli bolup, ol fiziki signallary has takyk ölçemäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Kanadanyň Mediasy: “Trýuda Duşenbe Güni Wezipeden Çekilip Biler”
Sues kanaly 165 ýaşady
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy
Ýaponiýada pingwinlere mekdep torbalary paýlandy
Italiýadaky Alikudi adasynyň häkimi geçileri mugt paýlaýar