Dallasdaky Tehas uniwersitetiniň alymlary tarapyndan ykjam telefonlar üçin egin-eşikleriň we diwaryň aňyrsyny surata almaga mümkinçilik berýän kamera döredildi.
Enjam howa menzillerinde ýükleri barlamak üçin ulanylýan skanerler ýaly işleýär. Tapawudy skanerleriň işi kiçitolkunlary ulanmaga esaslanandyr, kamera bolsa, millimetrlik tolkunlary peýdalanýar.
Kamerany döretmek üçin 15 ýyl gerek boldy. Bu döwürde alymlar telefona ýerleşdirmek üçin enjamyň göwrümini kiçeltmäge synanyşdylar.
Inženerler tehnologiýanyň heniz hem üstüniň ýetirilmegi üçin işleýärler, häzirki tapgyrda ol 2,5 santimetr aralykdaky zatlary surata almaga ukyplydyr. Has kämilleşdirilen nusgada ol aralygy 12,7 santimetre çenli uzaltmaga mümkinçilik berer.
Alymlar kamerany kiçigurluşlaryň içindäki simgeçirijileri, döwlen turbajyklarydyr içki berkidijileri gözlemekde ulanyp bolar diýip aýdýarlar. Şeýle-de ol lukmançylykda-da peýdalanylyp bilner diýip, IEEE Transactions on Terahertz Science and Technology žurnalyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.