ABŞ-da Donald Tramp Döwri Başlaýar

ABŞ-da Donald Tramp Döwri Başlaýar

ABŞ-da Donald Trampyň ikinji Prezidentlik döwri şu gün geçiriljek kasam ediş dabarasy bilen resmi taýdan başlar.

Sowuk howa sebäpli kasam ediş dabarasy Paýtagt Waşingtonda Kongresiň binasynda geçirler.

Donald Tramp sosial mediadan beren habarnamasynda kasam ediş dabarasyna gelmek isleýänlere “Ýurtda höküm sürýän aşa sowuk howa sebäpli galyň geýiniň” diýip duýduryş berdi.

Adaty şertlerde kasam ediş dabarasyna 200 müňden gowrak adam gatnaşýardy. Emma howa şertleri sebäpli dabara diňe 20 müň adamyň gatnaşmagyna rugsat berildi.

Donald Tramp dabaradan soň Ak Tama geçer we Jo Baýdenden wezipesini kabul edip alar.

Ýene degişli makalalar

'Olar azat sözüň, adam mertebesiniň, demokratiýanyň gymmatyna ynanýarlar'-diňleýjiler Azatlyk barada
Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär