ABŞ-da dikuçar ýere gaçdy

ABŞ-da dikuçar ýere gaçdy

San-Bernandino etrap Polisiýa gullugyndan berilen beýanatda, dikuçaryň Las-Wegasyň takmynan 150 km günorta-günbataryna, Mohawe çölündäki kiçiräk obanyň golaýyna gaçandygy mälim edildi.

Resmiler Palm Springs atly howa menzilinden ýola çykan we düzüminde 6 adam bolan dikuçaryň Newada barýarka ýere gaçandygyny we wakanyň näme sebäpli bolandygynyň entek anyklanmandygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň Raýat awiasiýa edarasyndan berilen beýanatda, wakada halas adamlaryň barlygynyň entek anyklanmandygy, gözleg we halas ediş işleriniň başladylandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da sil apaty başdan geçirildi
Las-Wegasda CES-2022 sergisi geçirildi 
Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady
ABŞ-da Aşa Yssy Howa Sebäpli 27 Adam Ýogaldy
Argentina bilen Ekwador, Urugwaý bilen Braziliýa çärýek finalda duşuşar
ABŞ-da Uniwersitetde Ýaragly Hüjüm Guraldy