ABŞ-da aşa ýagýan ýagyş we garly tupan gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirýär

ABŞ-da aşa ýagýan ýagyş we garly tupan gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirýär

Amerikan mediasynda berilen habarlarda, ştatda täsirli bolan ýaramaz howa şertleri sebäpli 126 müňden gowrak maşgalanyň elektrik toksyz galandygy bellenip, Los-Anjeles şäherleriniň käbir sebitlerinde bolsa aşa ýagan ýagyşlar sebäpli suw joşmalaryň başdan geçirilendigi mälim edildi.

Kaliforniýanyň günortasyndaky käbir sebitlerde başlan garly tupanyň iki günüň içinde ýurduň gündogaryna tarap hereket etjekdigi bellenen habarlarda, 20 milliondan gowrak adama aşa güýçli tupanyň boljakdygy barada duýduryş berilendigi aýan edildi.

Resmiler ştatyň beýik ýerlerindäki käbir ýollaryň aşa ýagýan gar we buz sebäpli ulaglar üçin ýapylandygyny mälim etdiler.

Meteorologiýa hünärmenleri sebitdäki tupanyň şu günden başlap Arizona, Tehas, Oklahoma we Kanzas ştatlaryna tarap hereket etjekdiini, pesli ýerlerde ýagyşlaryň, beýikli ýerlerde bolsa garly ýagyşyň täsirli boljakdygyny aýdyp, käbir ýerlerde bolsa töweleýleriň emele gelip biljekdigi barada duýduryş berdiler.

Şol bir tupan tolkunynyň şu günden başlap Kaliforniýanyň demirgazyk gatlaklaryna, Wiskonson, Miçigan, Nýu-Ýork we Boston ştatlaryna hem täsir ýetirip başlajakdygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da 17 ştat prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça Ýokary kazyýete ýüz tutdy
ABŞ-nyň aralyk saýlawlary: respublikaçylar senatdan 15 orna, demokratlar 7 orna eýe boldular
ABŞ-da 110 million adam howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli howp astynda
ABŞ-da Tupan Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artýar
ABŞ-da Tupan Sebäpli 11 Adam Ýogaldy
Lebron Jeýms NBA-nyň taryhynda iň köp utuk gazanan oýunçy boldy