ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasynyň (FCC) başlygy Brendan Karr Apple bilen Google kompaniýalaryny programmalar dükanlaryndan TikTok sosial ulgamyny aýyrmaga çagyrdy. Bu barada ol Twitterde ýazdy diýip, TASS habar berýär.
Karr programma şahsy maglumatlary gizlin ýygnamak bilen meşgullanýar diýip hasaplaýar, şu hem onuň amerikan tehnologiýa ägirtlerine şeýle teklip bilen ýüzlenmegine sebäp boldy.Komissar, käbir gözleglere görä, programmanyň “gizlin maglumatlary ýygnap, olary Pekine iberýändigini” duýdurdy.
Karryň maglumatlaryna görä, sosial ulgamyň habar garalamalaryna, gözlegiň we görlenleriň taryhyna, düwmeleri basmagyň kombinasiýasyna, biometrik kesgitleýjilere, şeýle-de gurluşyň alyş-çalyş buferinde saklanýan tekste, suratlara we wideolara elýeterliligi bar.
Gysga wideolary ýüklemäge mümkinçilik berýän TikTok sosial ulgamy 2017-nji ýylda, onuň halkara wersiýasy bolsa 2018-nji ýylyň awgust aýynda işe girizildi.Onuň eýesi Hytaýyň ByteDance tehnologiýa kompaniýasydyr. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda TikTok-yň aýlyk işjeň auditoriýasy 1 milliarda ýetdi.