ABŞ-da 60-dan gowrak tokaý ýangyny hasaba alyndy

ABŞ-da 60-dan gowrak tokaý ýangyny hasaba alyndy

Şu gün, 14-nji iýulda ABŞ-nyň ştatlarynyň 10-synda tokaý ýangynlarynyň 60-dan gowragy hasaba alyndy. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär. Netijede, ýurduň Alýaska ştatynyň ýaşaýjylaryny Waýoming ştatyna göçürmeli boldy. Häzir Arziona, Aýdaho we Montana ştatlarynda işjeň tokaý ýangynlarynyň 30-dan gowragy hereket edýär.

Alymlar bu tebigy betbagtçylygyň sebäplerini howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykan güýçli guraklyk we yssy howa bilen baglaýarlar. ABŞ-nyň milli metereologiýa gullugy demirgazyk kenarýakalarda howanyň derejesiniň geçen asyryň 80-nji we 90-njy ýyllardaky yssy howany ýatladýandygyny habar berdi.

Ady tutulan ştatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň ýanýandygy barada habar berilýär, ýetirilen maddy zyýan heniz doly hasaplananok.

Tebigy betbagtçylyklaryň iň ulusy Oregon ştatynda hasaba alyndy we ýerli ýangyn söndüriş gullugynyň habaryna görä, barha tutaşýan ýangyn öýleriň 2 müňden gowragyna zeper ýetiripdir. Tebigy betbagtçylygyň ýedi sany ýaşaýyş jaýyny we 40-dan gowragyň binany doly ýok edendigi aýdylýar.

Ýangynlar Kaliforniýa ştatynyň elektrik geçirijileriniň üçüsini hatardan çykardy.

Şunlukda, bütin ýurtda umumy meýdany 3714 inedördül metre deň bolan ýangynlaryň 67-si hereket edýär. Olaryň garşysyna ýangyn söndürijileriň 14 müňden gowragy göreşýär.

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri ABŞ-da ýangynlaryň 34 müňe golaý bellige alyndy. Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa olaryň sany 28 müňe golaý boldy.

Ýene degişli makalalar

Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Balykçynyň toruna dürli reňkli balyk düşdi
“Time” iň gowy 100 ýeriň sanawyny düzdi
Şäheriň ähli ilaty bir jaýda ýaşaýar
Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady