ABŞ bilen Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduronyň arasynda gaszanylan ylalaşyga laýyklykda Wenesuelada tussaglykda bolan 10 amerikaly boşadyldy.
Ak Tam ABŞ-da jenaýat işi gozgalan malaýziýaly işewürlerden biriniň ABŞ-na berilendigini mälim etdi.
Resmi Waşington hem çalşyk ylalaşygyna laýyklykda Maduro ýakynlygy bilen tanalýan bir işewür adamy boşatdy.
Karakasda dabara bilen garşylanan işewür adamy bilen bagly metbugat ýygnagyny geçiren Maduro, ylalaşyga kanagatlanma bildirýändigini aýtdy.
Amerikan hökümeti uza döwürden bäri Maduronyň hökümetiniň kanunylygyny ykrar etmän gelýärdi. Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşmaga başlady.