ABŞ Bilen Hytaýyň Arasynda Ýokary Derejeli Duşuşyk Geçirildi

ABŞ Bilen Hytaýyň Arasynda Ýokary Derejeli Duşuşyk Geçirildi

Ak Tamdan we Hytaýdan berilen ýazmaça beýannamalarda duşuşygyň 10-11-nji maýda geçirilendigi habar berildi.

Duşuşyk, resmi Waşington bilen Pekiniň arasynda fewral aýynda Hytaýa degişli ýokary belentlikden uçýan şaryň ABŞ-nyň howa giňişligine girmegi sebäpli başdan geçirilen dartgynlyk we Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Hytaýa guramagy meýilleşdiren saparyny bes etmeginden bäri geçirilen iň ýokary diplomatik duşuşyk boldy.

Ak Tamdan berilen beýannamada taraplaryň ABŞ-Hytaý özara gatnaşyklaryndaky möhüm ugurlaryň hany bilen global we sebitleýin howpsuzlyk meseleleri, Russiýa-Ukraina söweşi we Taýwan bogazynyň iki kenarynyn arasyndaky gatnaşyklar hakynda “içgin, konkret we netijeli” duşuşyklar geçirendiklerini nygtalýar.

Beýannamada taraplaryň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpiniň 2022-nji ýylyň noýabrynda İndoneziýada geçirilen G20-niň sammitinde geçiren duşuşykda gazanylan ylalaşygyna laýyklykda strategik aragatnaşygy dowam etdirmek hakynda ylalaşandyklary mälim edildi.

Hytaýdan berilen beýannamada bolsa taraplaryň Hytaý-ABŞ gatnaşyklarynyň öňündäki bökdençlikleriň aýrylmagy we durnuklylygy gorap, ýaramaz şertleriň ýüze çykmagyna ýol bermezlik hgakynda pikir alyşylandygy aýdylýar.

İki resminiň Aziýa-Ýuwaş Umman sebitindäki ýagdaý, Ukraina meselesi we umumy gyzyklanma döredýän beýleki halkara we sebitleýin meselelerde pikir alyşandyklary, Wangyň Hytaýyň Taýwan meselesindäki pozisiýasyny ýene-de bir nygtandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Hytaýda täze ýokary tizlikli demir ýol işe girizildi
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Sýamende 19-njy kitap ýarmarkasy açyldy
Taýwan Adasynyň Etrabynda Hytaýa Degişli Harby Howa Ulaglary Uçýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny