
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Metýu Miller gündelik metbugat brifinginde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşikler boýunça pozisiýalary hakynda durup geçdi.
Miller; “ABŞ iki ýurduň arasynda ylalaşygyň gazanylmagyny goldaýar we oňa goldawymyz dowam eder” diýip, resmi Bakuw bilen Ýerewanyň arasynda ýaraşyk ylalaşygynyň “elýeterli” sepgitdedigini beýan etdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entony Blinkeniň geçen hepde Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen duşuşandygyny, şol duşuşyklarda ABŞ-nyň gepleşikler tapgyryna goldawyny beýan edendigini nygtan Miller, netije alynyp bilinmedik käbir meseleleriň çözülmegi üçin iki ýurduň tagalla edýändigini aýtdy.