ABŞ Aýa synag uçuşyny 2022-nji ýylyň fewralyna meýilleşdirdi

ABŞ Aýa synag uçuşyny 2022-nji ýylyň fewralyna meýilleşdirdi

NASA-nyň metbugat sekretary we "Artemis" Aý programmasynyň başlygy Maýk Sarafin Aýa ilkinji synag uçuşynyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda boljakdygyny aýtdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Bu - “Orion” kosmos gämisiniň we Space Launch System raketa-daşaýjysynyň pilotsyz synag uçuşy bolar. Missiýanyň, takmynan, alty hepde dowam etmegi mümkin. Bu döwürde gämi indiki aşaklama taýýarlyk görmek üçin retrograd orbitasynda bolar. Ýöne eger-de raketa gijiräk uçurylsa, missiýanyň dowamlylygy dört hepdä çenli gysgalyp biler.

Ýatlap geçsek, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aý programmasyny 2019-njy ýylda yglan edipdi. Onuň esasy maksady, adamy, şol sanda ilkinji zenany Aýa gondurmak bolup durýar. Adamy gondyrmak ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşige Ilon Maskyň “SpaceX”-i, Jeff Bezosyň “Blue Origin”-i we “Dynetics” gatnaşdy. Netijede, “SpaceX” saýlanypdy we “Blue Origin” muňa garşy çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Kosmonawt bolmagy arzuw edýärin
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi
1000-den gowrak uçary internete birikdirdi
Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy