ABŞ ASEAN-a Girýän Ýurtlara Wehim Salýar

ABŞ ASEAN-a Girýän Ýurtlara Wehim Salýar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Hindi-Ýuwaş Umman sebitinde alyp barýan işleriniň Günorta-Gündogar Aziýa Halklarynyň Bileleşigine (ASEAN) wehim salýandygyny aýtdy.

Lawrow Kamboçiýanyň paýtagty Punom Pende geçiren metbugat ýygnagynda aktual meseleler boýunça beýanat berdi.

ABŞ-nyň Hindi-Ýuwaş Umman sebitinde alyp barýan işleri hakynda garaýyş beýan eden Lawrow; “ABŞ-nyň we ýakyn ýaranlarynyň sebitde daradylan toparlaryň döredilmegi ugrunda alyp barýan işleri, garaýyş bileleşigine we iki taraply sarpa goýmagyň esasynda hereket edýan Günorta-Gündogar Aziýa Halklarynyň Bileleşigi üçin wehim salýar.

Oňa AUKS (ABŞ, Britaniýa we Awstraliýa ýaranlygy) ýaly harby-syýasy aksiýalar hem degişli.Hindi-Ýuwal Umman sebitinde NATO-nyň bähbitleriniň goralmagy üçin AUKS-dan peýdalanma meýili bar” diýdi.

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda tussaglykdaky rus we amerikan raýatlarynyň çalşygy hakynda-da durup geçen Lawrow; “Biz bu meseläni Putin bilen Baýdeniň ylalaşan ugry boýunça ara alyp maslahatlaşmaga taýýar” diýdi.

Ministr Lawrow, Eýranyň ýadro ylalaşygy hakynda bolsa resmi Tähranyň pozisiýasyny “dogry” diýip kabul edýändiklerini we ABŞ-nyň ylalaşyga dolanyp gelmelidigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Lawrow: NATO-nuň we ABŞ-nyň Aziýa-Ýuwaş Umman Sebitiniň Gözegçiligini Ele Almak Isleýär
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
UNESCAP-nyň ýerine ýetiriji sekretary Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy
Baýden Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
NOAA: geçen aý 174 ýylyň içinde iň yssy ýanwarlaryň biri boldy
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar