ABŞ-a türkmen pagtasyny we ondan edilen önümleri getirmek gadagan edildi

ABŞ häkimiýetleri Türkmenistandan pagta import edilmegine, şeýle-de türkmen pagtasyndan bölekleýin ýa dolulygyna öndürilen islendik önüme gadaganlyk girizdi diýip, TAH neşiri habar berýär.

Bu karar Türkmenistanda öndürilýän pagtanyň we pagta önümleriniň mejbury zähmeti ulanmak esasynda öndürilmegi bilen esaslandyrylýar we şu sebäpli olar amerikan portlaryna gelen ýagdaýynda tussag edilmäge degişli.

Ýatladýarys, mundan öň iri halkara brendleriniň birnäçesi (IKEA, H&M, Wrangler, Lee, Zara), pagta ýygymynda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylýandygy üçin, Türkmenistandan pagta we pagta önümlerini satyn almakdan ýüz öwürdi.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Halkara guramasy ÝB-den türkmen pagtasyna gadagançylyk girizmegi soraýar
Garaşsyzlyk baýramynda mugallymlara we okuwçylara mejbury pagta ýygdyryldy
Demirgazyk regionyň pagtaçylary ýygyma giç girişer
Aşgabatdaky Kids Plaza dükany 0-dan 14 ýaşa çenli çagalar üçin egin-eşikleri we köwüşleri hödürleýär
Gün energiýasy bilen işleýän welosiped