ABŞ, 7-nji Oktýabrdan Bäri Ysraýyla 6,5 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Berdi

ABŞ, 7-nji Oktýabrdan Bäri Ysraýyla 6,5 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Berdi

ABŞ-nyň Gaza Sektorynda 40 müňe golaý palestinalynyň ýogalmagyna sebäp bolan Ysraýyla, hüjümleriň başlan güni bolan 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri 6,5 milliard dollarlyk howpsuzlyk kömegini berendigi habar berildi.

“Ze Waşington Post” gazetiniň amerikaly ýolbaşça esaslanýan habary, ABŞ-nyň Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine uly goldaw berýändigini görkezýär.

Ady agzalýan kömegiň mukdary şu hepde Goranmak ministri Gallandyň ýolbaşçylygyndaky Ysraýylly resmi wekiliýetiň Waşingtona guran saparynyň çäginde amerikaly kärdeşi bilen geçiren duşuşygynda belli boldy.

ABŞ-nyň 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyla 6,5 milliard dollarlyk howpsuzlyk kömegini berendigi, şol pulyň esasy böleginiň maý aýynda berlendigi nygtaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde azyndan 15 müň 694-i çaga, 10 müň 279-y zenan bolmak bilen 37 müň 718 palestinaly ýogaldy, 86 müň 377 palestinaly hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Goole firmasynyň Gaza urşunda Ysraýyla emeli aň boýunça gizlin goldaw berendigi ýüze çykdy
Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy
Ýagşylyk Gämisi Müsüre Bardy
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Gazalylar Öýlerine Dolanýar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär