
Ostin Germaniýadaky Ramşteýn bazasynda geçirilen 15-nji Ukraina goranyş aragatnaşyk toparynyň maslahatydan öň beýannama berdi.
Astin; “Men, ABŞ-nyň ozal wada beren “M1 Abrams” tanklarynyň golaýda Ukraina geljekdigini yglan etmekden hoşal” diýdi.
ABŞ-nyň we beýleki ýaranlaryň Ukraina boýunça goranyş goldawynyň 76 milliard dollardan geçendigini beýan eden Ostin, Ukraina goldawyň dowam etjekdigine söz berdi.
Ostin şeýle hem ukrain uçarmanlaryna F-16 uçarlary üçin beriljek talimiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem başlajakdygyny beýan etdi.