Abrakadabra jadyly sözüň taryhy

Abrakadabra!Jadynyň nyşanyna öwrülen bu söz diňe bir gözbagçylar tarapyndan ulanylman, eýsem, arzuwlaryňy amala aşyryjy gudratly söz hökmünde çagalar tarapyndan hem ulanylýar.Köpler müňlerçe ýyllyk taryhy bolan bu sözüň şypa beriji häsiýetiniň bardygyna, erbet güýçlerden goraýandygyna ynanýar.

Dürli emelleri görkezýän gözbagçylar täsin bir ýagdaýyň ýüze çykmagy üçin abrakadabra diýip gygyrýar. Şeýlelikde, düýbünden bolmajak bir görnüş köpçüligiň öňünde peýda bolýar.Mysal üçin, şlýapanyň içinden towşanjygyň gulagyny üşerdip çykmagy, ýüzi şekilli kartlaryň hemmesiniň birmeňzeş açylmagy we ş.m.

Abrakadabra arameý dilindäki avra kehdabra söz düzüminden gelip çykyp, aýdyşym ýaly edýärin, diýşim ýaly döredýärin diýen manylary berýär.Taryhyň dowamynda bu söz beýleki dillere-de geçip, gudratly söz hökmünde ynanja öwrülipdir.

Abrakadabra sözi ilkinji gezek II asyrda rim lukmany Kwintus Serenus Sammonikusyň Liber Medicinalis kitabynda agzalyp geçilýär.Bu kitapda lukman abrakadabranyň piramida görnüşde ýazylmalydygyny aýdyp, näsagyň boýnundan asylmalydygy baradaky pikiri öňe sürýär.

Lukman bu sözi gyzzyrma keseline garşy ulanypdyr.XVII asyra çenli bu sözüň lukmançylykda ulanylandygyna garamazdan, soňlugy bilen abrakadabra teatr sungatyna aralaşýar.Gözbagçylar teatrda dürli emelleri ulanyp, halky güýmänlerinde bu sözi aýdyp başlaýarlar.

Teatrda ilkinji gezek bu söz 1812-nji ýylda Wilýam Tomas Monkrif tarapyndan spektaklda ulanylýar.Abrakadabra sözüniň aýdylyşy we eşidilişi tomaşaçylarda jadyly bir pursada garaşýan ýaly duýgyny döredýär.Bu söz häzirki döwrüň gözbagçylyk sungatynyň hem iň meşhur jümleleriniň biridir. /* custom css */ .td_uid_15_6752e9d25de72_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e9d25de72_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
Ilkinji tranzistor öndürildi
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Şekspiriň kitaby 2,5 million dollara satyldy
Türkmenistanyň paýtagtynda Ölmez-ýitmez polk dabarasy geçirildi, Russiýanyň ilçihanasynda weteranlaryň dabaraly kabul edilşigi guraldy, mekgejöweniň esasynda Alsgeýmer keseline garşy waksina döredildi we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi