Abhaziýada krizis çuňlaşýar

Abhaziýada krizis çuňlaşýar

Abhaziýanyň prezidentliginiň internet saýtynda berilen ýazmaça beýanatda, Aslan Bžaniýanyň Abhaziýa sebitindäki syýasy durnuksyzlygyň bes edilmegi üçin wezipesinden çekilendigi habar berildi.

Protestçileriň parlament binasyny terk etmekleri talap edilen beýanatda, sebitiň döwlet başlyklyk wezipesini Aslan Bžaniýanyň ýerine wagtlaýyn häsýetde kömekçisi Badra Gunbanyň ýerine ýetirjekdigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan Abhaziýanyň parlamentiniň hem Aslan Bžaniýanyň wezipesinden çekilmek baradaky kararyny goldaýandygy aýan edildi.

Parlamentiň başlygy Laşa Aşuba, ýakyn wagtda Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Oppozisiýanyň 15-nji noýabrda sebitiň Suhumi şäherindäki parlament we prezident ofisiniň binalaryny eýelemegi bilen syýasy krizis başlapdy.

Oppozisiýa, Russiýa bilen sebitiň arasynda "maýa goýum şertnamasynyň" baglaşylmagyna garşy çykýar.

Parlamentde tassyklanmagy zerur bolan şertnama, rus ýuridiki şahslarynyň Abhaziýa topraklarynda maýa goýum amala aşyrmagyna mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Oppozisioner Nawalnyýyň Ýogalmagyndan Soň Başlan Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gruziýanyň Prezidenti Parlament saýlawynyň netijesini kabul etmejekdigini beýan etdi
Siriýa bahar gyşda geldi
Idlibe howa hüjümi guraldy