
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyndan söhbet açýar.
Eýranyň demirgazyk sebitlerinde etniki türkmenler kowçum bolup ýaşaýar. Olaryň ilat sany, dürli çeşmelere görä, ýüzlerçe müň adamdan birnäçe million adama çenli baryp ýetýär.
Etniki türkmenler bu ýurtda özleriniň medeni hukuklarynyň häkimiýetler tarapyndan ýyllarboýy sistematik görnüşde basgylanmagy, hatda özleriniň demografik düzümlerini, galyberse-de etniki kimliklerini üýtgetmek ugrunda häkimiýetler tarapyndan ýörite tagallalaryň edilmegi ýaly ýagdaýlar barada yzygiderli habar berip gelýärler.
Türkmenler bu ýurtda öz ýaşaýan sebitlerini Türkmensähra atlandyrýarlar.
Sungat taryhyny öwreniş ylymlarynyň doktory, asly türkmensähraly Abdyrahman Düýeji bu sebitde bir döwür “Sähra” atly türkmen dilli hepdelik gazeti esaslandyrdy. Häkimiýetler 2020-nji ýylda bu gazetiň ygtyýarlyklaryny ýatyrmazdan ozal, ýerli ýaşaýjylara görä, bu neşir türkmenleriň sesi boldy.
Azatlyk Radiosy eýran türkmenleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada Abdyrahman Düýeji bilen söhbetdeşlik geçirdi.