Abdulkadir Uralogly Günorta Koreýa sapar gurar

Abdulkadir Uralogly Günorta Koreýa sapar gurar

Türkiyäniň Ulaglar we infrastruktura ministrliginden berilen beýanatda 11-12-nji sentýabr aralygynda geçiriljek GICC 2024-e gatnaşmak maksady bilen Seula gitjek Abdulkadir Uralogly duşuşyklar geçirer.

Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly Türkiyäniň Seul şäherine baryp görüp, ol ýerde ilçi Salih Murat Tamer bilen duşuşar, ondan soň bolsa Günorta Koreýanyň Ýer, ulaglar we infrastruktura ministri Park Sang-Woo bilen duşuşyk geçirer.

Duşuşykda iki ýurduň, esasanam aragatnaşyk we infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we täze strategiki köprüleri döretmek maksat edinilýär. Türkiye bilen Günorta Koreýanyň inžinerçilik, tehnologiýa we infrastruktura boýunça tejribeleri ara alynyp maslahatlaşyljak bu duşuşyk strategiki hyzmatdaşlygy hasam berkider.

Abdulkadir Uralogly halkara kärhanalary we guramalary bir ýere jemlejek, täze hyzmatdaşlyga gapy açjak GICC 2024-e gatnaşar we şol çäkde biri-birinden tapawutly geňeşmeler geçirer.

Günorta Koreýaly we şol ýurtda ýaşaýan türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirjek Uralogly, Türkiyäniň logistik, ulaglar we infrastruktura maýa goýumlary boýunça gepleşikler geçirer.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Galkynyş Ýoly taslamasynda işleriň depgini güýçlenýär