Transport we infrastruktura ministrliginden berilen beýanata görä, Stambulda geçirilen duşuşykda Türkiye, BAE, Yrak we Katar döwletleriniň resmilerinden ybarat tehniki wekiliýetiň, Galkynyş Ýoly Taslamasynyň çäginde geçiriljek işleriň tiz wagtda netijelendirilmegi we gysga wagtyň içinde memorandumyň ministrler derejesine ýetirilmegi ara alynyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň arasynda transport ugrunda ýerine ýetirilip bilinjek hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ele alynan duşuşykda, ministr Abdulkadir Uralogly Transport we infrastruktura ministrliginiň Türkiyede amala aşyrýan taslamalary barada maglumat berdi.
BAE-niň Maýa goýum ministri Mohamed Hassan Al Suwaidi hem Galkynyş Ýoly Taslamasynyň çäginde dört taraplaýyn memoranduma oňyn garaýandyklaryny belläp: "Biz Galkynyş Ýoly Taslamasyna uly ähmiýet berýäris.Sebäbi bu ýoluň Ýewropa we Aziýa bazarlarynyň arasyndaky arabaglanşygy ýola goýjakdygyny pikir edýäris.
Bu ýoluň tiz wagtda gurulyp tamamlanjakdygyny pikir edýäris.Bu meselede ähli taraplaýyn işläris we taslama ähli görnüşli goldawy bermäge taýardyrys" diýip nygtady.