Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym

Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym Abdulkadir Damollany size tanyşdyrmakçy.

Şinjan Uýgur Awtanomiýasy atlandyrylýan Gündogar Türküstanyň garaşsyzlyk göreşiniň etniki, medeni, dini we geosyýasy faktorlaryň birleşmegi netijesinde emele gelen çylşyrymly ykbaly bar. 19-njy asyryň ikinji ýarymy Gündogar Türküstanyň taryhyndaky iň çarkandakly döwürdir.

Mançu imperiýasynyň gysyşy sebäpli pitneler turýar.Abdulkadir Damolla ine şeýle döwürde dünýä inýär. Çeşmelere görä ol 1862-nji ýylda Kaşgaryň Dagaryk etrapçasynda dünýä inýär.Başlangyç bilimi obalaryndaky Hezret Sultaniýe medresesinde alýar.

Son Kaşgardaky Hanlyk medresesinde okaýar.Okaýarka Buhara, Samarkant ýaly döwrüň ylmy merkezlerindäki alymlaryň mejlisine gatnaşyp, olaryň tejribelerinden peýdalanypdyr.Ol 1891-nji ýylda Hokantda, soň bolsa 8 ýyl Buharada bilimini dowam etdirýär.

Okan ýyllarynda Yslamy alymlaryň ýany bilen edebiýat, taryh, geografiýa, mantyk we hasapçylyk derslerini alypdyr.Arap, pars we urdu dillerini öwrenýär. 1907-nji ýylda haj parazasyny berjaý etmek üçin Saud Arabystana gidip, ol ýerden gaýdyşyn Türkiýä gelen Abdulkadir Damolla, Ysmaýyl Gaspyralynyň ideologiýasynyň täsirinde galýar.

Bilim alandan soň Kaşgara dolanan Abdulkadyr Damolla dogduk dilinde bilimiň pesdigini we diniň dogry öwredilmeýändigini görüp, öz bilim düşünjesini iş ýüzüne geçirmäge çalyşýar. Şeýlelikde Kaşgarda Jeditçilik hereketleri ilki Abdulkadyr Damollanyň goldaw bermeginde başladylýar.

Jedit mekdepleri, ozaldan bar bolan “Usuly Gadym” ýagny diňe arapça we dini bilim berilýän ulgamyň ýerine taryh, geografiýa, edebiýat, matematika, hatyplyk ýaly ylymlary öwredýän mekdeplerdi.

Şeýlelikde Gündogar Türküstanda halkyň sowatsyzlykdan we ýesirlikden halas bolmagy üçin taýýarlyk, tälim we oýanyş hereketi başlaýar.Jeditçi pikirler we düşünjeler halk tarapyndan kabul edilýär hem-de goldanýar. İrginsiz iş alyp baran Abdulkadyr Damolla “Döwür, gaflat, biperwaýlyk döwri däl, oýanyş we özüňe geliş döwri!

Bisowatlyk, erbetlik, bendilik, düşünjesizlik döwri däl, ylym döwrüdir.Uky ölümiň doganydyr.Bu döwürde artykmaç uklamak ýok bolmagy we ölümi ýany bilen getirer” diýip, ylma gönükmekleri üçin türküstanlylara ýüzlenip, metjitdir medreselerde täzeçil bilim ulgamyny düşündirýär. Şol göreşiniň netijesinde başladylan “Jeditçilik” hereketi bilen bilelikde mekdepler açylýar.

Mekdepler 1885-nji ýylda bilim bermäge başlaýar.Halk ony “Täze mekdep” atlandyrýar.Stambuldan baran Ahmet Kemal İlkulyň ýolbaşçylygyndaky türk mugallymlary ol ýerde ders berýärler.Abdulkadyr Damolla şol mekdeplerde mugallymlyk we müdirlik wezipeleriniň ýany bilen, mekdepleriň okuw kitaplaryny hem ýazýar.

Esasanda gyzlaryň bilim almagynyň möhümdigini nygtaýar. Şol pikirini eserlerinde hem beýan edýar. “Gyzlar gelejegiň eneleridir.Sowatsyz ene bilen sowatly enäniň, milletiň medeniýetine goşjak goşandy deň däldir” diýip, zenanlaryň bilimde eýeleýän ornuny nygtapdyr. Şol sebäpli gyzlar üçin aýry mekdepler açypdyr.

Şol döwürlerde uýgurlaryň ýany bilen sebitde hristian missionerler tarapyndan hem neşirýat işleri alynyp barylypdyr.Buthanada gazak dilinde injiller neşir edilip, sebitiň halkyna paýlanypdyr.Soň 1905-nji ýylda şwesiýaly missionerler tarapyndan Kaşgarda “Günbatar okean” atly neşirýat öýi açylýar.

Neşirýat öýünde injil, okuw kitaplary, karta, hat we soňky ýyllarda hökümetiň islegine laýyklykda pul basýarlar.Bulara göz ýetiren Abdulkadyr Damolla garşy durup, halkyň arasynda düşündiriş işlerini geçirýär we oňa garşy aýaga galmaklary üçin herekete geçýär.

Haýyr sahawaty söýüjileriň goldaw bermeginde 1910-njy ýylda Kaşgarda “Nur” neşirýatyny açýar.Emma 1914-nji ýylda hökümet şol mekdepleriň ählisini ýapýar.Abdulkadyr Damolla şol agyr günlerde 1918-nji ýylda Daşkendiň, Ufanyň, Gazanyň, Uralyň, Türkiýäniň we Müsüriň üsti bilen haj ýoluna düşýär.

Ol bu uzak syýahatyndan soň Gündogar Türküstandaky syýasy şertleriň ýumşamagy sebäpli ýurduna dolanýar we Kaşgaryň müftüligine bellenýär.Bilim ulgamyndaky işlerini dowam etdirýärkä 1924-nji ýylyň 14-nji awgustynda hakynatutma ganhor tarapyndan öldürilýär.

Abdulkadyr Damolla aradan çykandan 60 ýyl soň, ol hakda ilkinji eseri ýazan Hewir Tumir şulary ýazypdyr: “Abdulkadyr Damollanyň ölmegi Kaşlgaryň halkyny çuňňur gynandyrýar, onuň ölen güni hakykatdan hem gazaply gündi.

Gök ýaryldy, ýyldyzlar ýere döküldi, ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagdy. Ýer yrandy, daglar ýer bilen ýegsan boldy.Dünýä tümlüge öwrüldi, adamlaryň göz ýaşy sil bolup akdy, ýürekler ýandy.Abdulkadyr Damolla beýik alymdy.

Onuň üçin dünýä aglady.”

Abdulkadyr Damolla birnaçe eser ýazýar we olar Ufada, Daşkentde, Hokantda we Kaşgarda çap edilýär. Aradan çykandan son yzynda beýik gowgasy we 16 eseri galan Abdulkadyr Damolla, hamala diýersiňiz öz halkyna sowat öwretmek we adam ýetişdirmek üçin dünýä inen öňbaşçydy. Ol bu gowgasynda intellektuallar ýetişdirip, jebis we agzybir göreşmegi erkin ýaşamagyň birinji şerti we mejbury borjy hökmünde kabul edipdi.

Ýene degişli makalalar

Zaki Walidi Togan
Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar
Ali Şir Nowaýy
M.K.Atatürk we onuň türki dünýä hakyndaky pikirleri
Musa Jarullah
Fuýu Türkçesi