Gepleşigimiziň bu sanynda size täze özbek edebiýatynyň esaslandyryjysy we beýik şahyry, dramaturg, teatr tankytçysy, terjimeçi, hekaýa we roman ýazyjysy Çolpany tanyşdyrmakçy.
Türküstanyň jaditçi şahyrlaryndan biri bolan Abdulhamit Süleýman Çolpan 1893-nji ýylda Özbegistanyň Andijan şäherinde dünýä inýär. Kakasy Süleýmankul Molla Muhammed Ýunusogly döwrüniň tanymal alymy bolup, köp sanly goşgusy we diwany bardyr. Hakyky ady Abdulhamit Süleýmandyr. Çolpan lakamyny şahyra döwrüň öňdebaryjy pedagoglaryndan Munawwar Kari dakýar. Çolpan başlangyç bilimini medresede alýar. Soň medreselerde we rus mekdebinde gowy bilim alýar.
Arap, pars we rus dilleri gowy derejede bilen Çolpan, türk, nemes we iňlis dillerini öwrenýär.Firewsi, Sadi, Hafyz, Omar Haýýam we Alişir Nowaýy ýaly ussatlaryň eserlerini çuňňur öwrenýär. Şeýle hem Osman, Gazan, Azerbaýjan edebiýaty bilen ýakyndan gyzyklanypdyr.
Türkiýeden Tewfik Fikret, Jenap Şahabettin, Mehmet Emin, Ziýa Gökalp, Mehmet Akif ýaly şahyrdyr ýazyjylary ýakyndan tanaýar.Türkistanda 1905-nji ýyldan soň Ysmail Gaspyralynyň çykaran “Terjiman” gazeti bilen Gaspyralynyň, Mehduhoja Bahbudi we Munawwar Kari ýaly Jaditçileriň täsirinde galýar.
Ilkinji eserini 1913-nji ýylda ýazýar. 1914-1917-nji ýyllaryň aralygynda Çolpan ikinji milletçi žurnalist hökmünde tanalýar.Gazetlerde döwrüň esasy meselelerini beýan edýär we uly gyzyklanma döredýär. 1917-18-nji ýyllarda Orenburgda “Wagt” gazetinde işleýärkä Başgyrt milli hökümetiniň sekretarlyk wezipsini ýerine ýetirýär.
Bir ýyl soň ýurduna dolanyp, gazetlerde makalalaryny we eserlerini çap etmäge dowam edýär.
Esasy eserleri 1917-1920-nji ýyllaryň arasynda ýazylýar. Çolpanyň senetkär hökmünde tanalmagyna onuň şygyrlary sebäp bolýar.Ilkinji şygyrlary 1922-nji ýylda “Ýaş özbek şahyrlary” atly antologiýada çap edilýär. Şol ýyl ilkinji kitaby bolan “Bulutlar” neşir edilýär.
Soňky ýyllarda “Oýanyş” we “Daňyň syrlary”, 1930-njy ýyllarda bolsa “Saz we Jor” atly goşgylar kitaby çykýar. Şol kitaplarynyň çap edilmeginden soň jemgyýet tarapyndan halanyp okalýar. İlkinji üç şygyr kitabynda gündogar ýurtlaryny basyp alan imperalist ruslar bilen iňlislere bolan ýigrenç, olara garşy göreş duýgusy, ruslaryň gysyşy, zulumy we eden gyrgynçylyklary, Hokandyň we Türküstanyň beýleki şäherlerinde dökülen ganlar, Türküstanyň bölünmegi, halkyň çeken ezýeti we çäresizligi, türküstanlylaryň umytlary we beýik milli düşünje aç-açan ýa-da metaforiki häsýetde beýan edilýär.
Türküstanyň bölünip, 1924-nji ýylda Özbek Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginden soňky ýyllardaky rehimsiz syýasatlara garşy beýleki milli intellegentler bilen bilelikde Çolpan hem dymmaly bolýar.Milli oýanyşy höweslendirmek, zuluma garşy şygyr ýazandygy sebäpli 8 gezek tussag edilýär.
Stalin döwründe 1937-nji ýylda ýazyjylaryň Daşkentde geçirilen maslahatynda “eserlerinde ideogik taýdan kommunizmden daşgary meseleler bilen gyzyklanýandygy üçin ideologiýa dönüklik edendigini boýun almagy” islenýär.Emma Çolpan “Siz meni üç günde düzedip bilmersiňiz” diýip jogap berýär. Üznüksiz dowam eden gysyşlar we abaý-syýasatlardan soň 1937-nji ýylyň 14-nji iýununda pantürkist bolmak etmişi sebäpli “halk duşmany” yglan edilip, tussag ewdilýär we bir ýyldan gowrak dowam eden soragdan hem-de gynamalardan soň 1938-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda atylyp öldürilýär.
Çolpan şol pajygaly döwürde gysyşlara we zulumlara garamazdan beýik edebi miras goýup giden şahyrdyr. Şygyryň ýanynda hekaýalar we romanlar ýazýar. “Halil Fereng”, “Çöräniň pitnesi”, “Ýargynaý”, “Muştumzor”, “Ortak Karşybaý”, “Hüjüm” ýaly teatr eserlerini we “Gije we gündiz” atly roman ýazýar.
Terjimeçi hökmünde bolsa Şekspiriň “Hamlet”, Puşkiniň “Boris Godunow we Dubrowskiý”, Gorkiniň “Ene” atly romanlaryny özbek diline terjime edýär. 1990-njy ýyllarda Çolpanyň ähli eserleri çap edilýär. 1991-nji ýylda nähak öldürilen beýleki milli intellegentler bilen bilelikde Çolpan hem halkara Nowaýy baýragyna laýyk görülýär. Şeýle hem Çolpanyň adyna halkara baýrak döredilip, köçelere we kitaphanalara ady dakylýar.
Milleti üçin janyny beren gahryman şahyr Çopany nesilleri we edebiýaty söýüjiler hiç haçan unutmazlar.