Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda size Gazan şäheriniň halkyny ylmy we irfan şöhlesi bilen oýandyrmaga ömrüni bagşeden Abdul Kaýýum Nasyri atly intelligenti tanyşdyrmakçy.
Abdulkaýýum Abdulnasyr ogly Nasyrow tatar dilçisi, mugallym we ýazyjy hökmünde tanalýan intelligentlerden biridir.Jeditçilik hereketiniň esasy wekillerinden we tatar milletçilerinden biri hökmünde taryhyň sahypalaryna adyny ýazdyrýar.Nasyri, 1825-nji ýylyň 15-nji fewralynda Tataristanyň Ýokary Şyrdan obasynda dünýä inýär.
Atasy we kakasy doglan ýeriniň tanymal alymlaryndan bolupdyrlar.Başlangyç bilimi kakasy Molla Abdunnasyrdan alandan soň Gazandaky Akmesjid medresesinde bilim alýar.Ol ýerde 1855-nji ýyla çenli okap, arap, pars we rus dillerini kämil derejede öwrenýär.
Soň 1855-nji ýyldan 1871-nji ýyllaryň aralygynda Ylahyýet Akademiýasynda tatar dili mugallymy bolup işleýär.Emma missioner İlminskiýniň islegine laýyklykda wezipesinden çetleşdirilýär. 1872-nji ýylda Gazanda ruslaryň açan Mugallymçylyk mekdebinde meşhur dilçi alym Radlow tarapyndan tatar dili mugallymy edip bellenilýär.
Emma Radlow bilen düşünişmezlik sebäpli wezipesinden çekilýär. 1879-njy ýyla çenli käbir rus mekdeplerinde mugallymçylyk eden soň wezipesini taşlaýar we ömrüniň ahyryna çenli erkin radaktor bolup işleýär.Nasyri 1902-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda wepat bolýar we Gazandaky gonamçylyga jaýlanýar.
Tatar Jeditçilik düşünjesiniň esasy wekillerinden biri bolan Nasyri öz halkynyň bilim almagy üçin şertleriň bolmazlygyna näglelik bildiripdir.Esasanda ýazan okuw kitaplary, bilim hakyndaky pikirleri bilen bilim ulgamynda täzeçillik hereketiniň öňbaşçylaryndan biri hasap edilýärdi.
Abruhhman Sadi atly alym Tatar edebiýatynyň taryhy atly kitabynda Kaýýum Nasyrini analiz edýärkä şeýle diýýär: “Bu ýolda tatar dünýäsinde ilkinji esasy hereket Kaýýum Nasyri bilen başlady.Kaýýum kaka ozalky edebi türki dilinden täze tatar edebi diline geçilmegine öňbaşçylyk edip, ýol açdy.”
Nasyri dil ugrunda uly pikirlere eýedi we möhüm işleri durmuşa geçirýär.Dil we edebiýat temaly işlere üns beren Nasyri, tatarçanyň grammatika düzgünleri boýunça eserler ýazýar.Esasanda tomus aýlarynda Tataristanyň dürli şäherlerine gidip, tatar folklorynyň nusgalaryny ýygnaýar we olary neşir edýär.
Ol öz halkyny “tatar halky”, dilini hem “tatar” dili atlandyryp, 1892-nji ýylda Kawadi Kitabat atly eserinde şeýle diýýär: “Biz tatar, özümize gerek bolan sözleri arapdan, parsdan ýa-da türkden alarys.
Emma öz dilimiziň düzgünlerini goýarys, özümize ýeterlik düzgünlerimiz bar!” Ol şeýlelikde tatarçanyň arap we pars diline ýesirlikden halas etmek üçin göreş başladýar.Jemläp aýdanymyzda ol eserlerinde öz döwrüne çenli bolmadyk edebi dil döredýär.
Ilki bilen tatar dili üçin “Dialekt” sözüni ulanyp, eserlerini tatar dilinde ýazmaga başlaýar.
Gündogar edebiýatyny iňňän gowy öwrenen Nasyri, arap we pars dillerinden ençeme eseri tatar diline terjime edýär. Osman türkçesinden we çagataýçadan saplanan tatar diliniň ýaýbaňlandyrylmagyny isleýärdi. Nasyri rus dilini bilmeýän tatarlar üçin rus diliniň sözlügini we grammatika kitabyny ýazýar.
Nasyri 42 ýyllyk ömründe tatar halky üçin, onuň bilimi, sowady üçin uly zähmet çekip, eserler ýazýar.Ol ilki bilen halkynyň döwrebaplaşmagyny isläpdir we Ýewropa ylymlaryny öwrenipdir.Alym Abdurrahman Sadi, Nasyrinin tatar dilinde kitaplar ýazandygyny, tatar dilini, edebiýatyny, mifologiýasyny öwrenendigini, tatar diliniň grammatikasyndanda, sözlüginden, tatarlar üçin rus diliniň grammatikasyndan we rusça sözlük, matematika, pelsepe, taryh, geografia, anatomiýa, pedagogika ýaly ylymlarda tatar dilinde eserler ýazandygyny, arap, pars, rus we türk dillerinden tatar diline terjimeler edendigini beýan edýär.
Alymlar Nasyriniň 44 sany tatarça we arapça, 7 rusça jemi 51 eseriniň bardygyny ýazýar.Halkyň geljegi üçin eden ylmy işleri we dilde reformasy bilen ýatdan galan Nasyri, tatar halky tarapyndan unudulmady.
Nasyriniň halkyna eden hyzmatlary sebäpli 2014-nji ýylyň 7-nji fewralynda Gazan Fderal Uniwersitetinde Kaýýum Nasyri adyndaky institut açylýar.Institut, tatarlaryň dilini we medeniýetini tanyşdyrmak, ony ösdürmek boýunça Russiýa Federasiýasynda hem-de daşary ýurtlarda iş alyp barýar.
Institut daşary ýurtlardaky belli ylym ojaklary hem-de institutlarynyň tejribelerine laýyklykda iş alyp barýar.