Abbas Moskwa Sapar Eder

Abbas Moskwa Sapar Eder

Şol bir wagtda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysynyň Ýakyn Gündogar hem-de Afrika boýunça şahsy wekili bolan Bogdanow, Palestinanyň Milli dolanşygynyň Başlygy Mahmud Abbasyň “ýakyn gelecekde” Moskwa sapar etcekdigini aýtdy.

Diplomat; “Palestinany azat ediş guramasy ähli palestin halkynyň kanuny wekilidir. Biz bu oňyn gatnaşyklary onlarça ýyldan bari ösdürýäris. Bu sapar duşuşyklaryň we ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň dowam etmegi taýdan iňňän möhüm” diýdi.

“RIA Nowosti” gullugynyň diplomatik çeşmelere esaslandyrýan habaryna görä sapar 12-14-nci awgust aralygynda geçiriler. Abbas we Putin 13-nci awgustda duşuşar.

Putin bilen soňky gezek 2020-nci ýylda Beýtullahimde duşuşan Abbas, 2005-nci ýylda iş başyna gelmeginden bäri Russiýa 20-ä golaý sapar etdi.

2007-nci ýyldan bäri diňe Günbatar Şeria Mahmud Abbasyň we “Fetih” hereketinbiň gözegçiliginde bolsa, Gaza Sektoruny Hamas dolandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Hamasyň Syýasy Lideri Heniýýeniň Janyna Kast Edilmegine Garşylyk Görkezdi
Russiýa Türkiye-Russiýa-Siriýa liderler maslahatyna oňyn garaýar
Siriýa Temaly Maslahat Moskwada Geçirildi
Siriýa Temaly Maslahat Moskwada Öz Işine Başlady
Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär
Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň Wekilleri Moskwada Duşuşar