Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Arap Ligasynyň Baş sekretary Ahmed Abu Geýt bilen Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar we Gazada hüjümleriň bes edilmegi barada pikir alyşdy.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, 12-nji Bütindünýä Şäherler forumyna gatnaşmak üçin Prezident Abdulfettah as Sisiniň myhmany hökmünde Müsüre giden Abbas, paýtagt Kairde Abu Geýt bilen duşuşdy.

Mahmud Abbas duşuşykda, Abu Geýte Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar, palestin halkyna garşy edilýän gyrgynçylyk we Gazadaky söweşiň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda maglumat berdi.

Ýene degişli makalalar

Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas Sürgün Maksatnamasyny Kabul Etmedi
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar
Putin Bilen Abbas Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Mahmud Abbas Russiýada Saparda Bolar