
Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustaw meşhur ABBA şwed pop-toparyna milli we halkara aýdym-saz durmuşyna goşan goşandy üçin rysarlyk ordenini gowşurdy diýip, MIR 24 ýazýar.
Sylaga toparyň agzalary Benni Andersson, Agneta Feltskug, Anni-Frid Reýs we Býern Ulweus mynasyp boldylar, sylagyň gowşurylyş dabarasy Stokgolmdaky Patyşa köşgünde geçdi.
Şwesiýada Patyşa ordenleri 1974-nji ýyldan bäri gowşurylman gelýärdi. 2022-nji ýylda ýurduň Parlamenti ordenleri gowşurmagy dikeltmek barada kanun kabul etdi.
ABBA 1970-nji ýyllaryň başynda döredilen şwed pop-toparydyr. Ol aýdym-sazyň taryhynda iň üstünlik gazanan toparlaryň biri boldy, ABBA Dancing Queen, Mamma Mia, Waterloo atly birnäçe aýdymlary bilen şöhrat gazandy.