Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawody Türkmennebit döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş, buraw işleri müdirliklerinden gündelik gelip gowuşýan sargytlar arkaly işläp, konserniň önümçilik düzümlerinde bökdençligiň ýüze çykmazlygyny ygtybarly üpjün edýärler.
1951-nji ýylda ýardam beriji düzümleri bilen işe girizilen bu kärhanada zähmet çekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň 30-a golaýyna ussatlarça erk edýärler.Olaryň irginsiz tagallalary bilen, awtoulaglaryňdyr ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, önümçilikde ulanylýan desgalaryň we enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak, taýýar demir önümlerini, metal gurluşlary, ulgamlary, bloklary, rezerwuarlary, dürli göwrümli gaplary, rezin önümleri öndürmek, çoýun, alýumin, bürünç galyndylaryny eredip, zerur ülňülere laýyk guýmak, ýekedaban-basgyç bilen demir önümlerini ýasamak, peç we peç gyzdyryjylary taýýarlamak, hatardan çykan ätiýaçlyk şaýlarydyr dürli enjamlary düýpli abatlap, gaýtadan dikeltmek, dürli kuwwatlykdaky sorujylary abatlamak ýaly juda möhüm işler öz wagtynda nusgalyk derejede berjaý edilýär.
Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, önümçilik bölümlerinde ulanylýan enjamlaryň 150-ä golaý görnüşiniň mydama gurat saklanmagy sargytlaryň öz wagtynda we ýokary hilli bitirilmegine ygtybarly ýardam berýär.
Zawodyň hünärmenleri geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig malyny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky sorujylary abatlap, olaryň ulanyş möhletini uzaldýarlar.
Zawodda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem, dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ornuny tutýan önümleri ýasamak, olaryň hatardan çykanyny gaýtadan dikeltmek ygtybarly ýola goýulýar.Hut şu oňyn ýagdaý konserne, şonuň ýaly-da, kärhananyň sargytçylaryna köp möçberde gyzyl puly tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Bu ýerde ýokary hil derejesinde taýýarlanýan rezin önümleriniň görnüşi 300-den geçýär.Zerur çig maly öz ýerinde gaýtadan işlemekden başlap, şeýle köp görnüşli rezin önümlerini taýýarlaýan önümhana hem milli ykdysadyýetde ýeke-täkdir.
Konserniň beýleki düzümlerindäki, ulanyş möhletiniň geçmegi bilen hatardan çykan alýumin, çoýun, demir, rezin enjamlarynyň kärhananyň bitirýän işlerinde esasy çig mal bolup hyzmat edýändigidir. Olar gaýtadan eredilip, zawodyň öz hünärmenleri tarapyndan taýýarlanýan ýörite galyplarda hem-de ülňülerde zerur harytlyk görnüşine getirilýär.