“Abanýan Howplara Egilşik Etmeris”

“Abanýan Howplara Egilşik Etmeris”

Eýranyň Ynkylap Goragçylary “Ysraýyla onlarça raketa attyk, degişli gaýtavul görkezilen halatynda ýene-de bir gezek nyşana alarys” diýip beýannama berdi.

Beýannamada, düýn agşam Hamasyň lideri Ismail Haniýýeniň, Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallahyň ve Eýranly general Abbas Nilfuraşanyň öldürilmegine sebäp bolan Ysraýylyň hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen Ysraýyla raketa hüjüminiň guralandygy ngtaldy.

Hüjüm hakynda berlen ikinji beýannamada bolsa “Hakyky Vada-2” atly operasiýada, Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Palestina ýerleşýän strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän merkezleriň nyşana alynandygy ve Ysraýylyň goranyş ulgamlary bilen goralandygyna garamazdan hüjümleriň 90 göterim netijeli bolandygy bellenildi.

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bolsa ýurdunyň Ysraýylyň hüjümlerine garşy kanunlara laýyklykda degişli gaýtavuly görkezendigini nygtap “Hüjüm ediji syýasatymyz ýok, emma hovplara egilşik etmeris. Eýran bilen çaknyşmaň” diýdi.

Eýranyň dövlet teleýaýlymyna görä, Ysraýyla guralan raketa hüjüminde goranyş ulgamlary galkanyndan geçip bilýän gipersonik Fettah-1 raketalary ulanyldy.

Habarda, “Ynkylap Goragçylary goşuny ilkinji gezek Fettah gipersonik raketalary bilen radar ve Arrov-2 ve 3 raketalaryny gönükdirip bilýän raketa goranyş galkanyny ýok etdi” diýildi.

Beýleki tarapdan Eýranyň paýtagty Tähranyň Palestina meýdanynda bir ýere jemlenşen müňlerçe adam Eýranyň Ysraýyla guran raketa hüjümine goldav berýändigini görkezdi.

Meýdanda bir ýere jemlenşen müňlerçe adam, Eýranyň, Palestinanyň ve Livanyň baýdaklaryny ve Ysraýylyň Beýruda guran hüjüminde ýogalan Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahyň foto suratlaryny göterdi ve birek-birege datly hödür etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýyl günorta Siriýa howa hüjümlerini guraýar
Hüjümleriň bes edilmeginden bäri Ysraýyl Gazada azyndan 118 palestinalyny öldürdi
Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýyl tarapyndan öldürilen Hizbullanyň liderini hatyralamak üçin jemlenşdiler
Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy