Abadan haly Aşgabatda geçirilen sergä täze önümlerini hödürledi

Abadan haly Aşgabatda geçirilen sergä täze önümlerini hödürledi

24 ― 25-nji maý günlerinde Aşgabatda geçirilen Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara serginiň işine Abadan haly AGPJ hem gatnaşdy. Kärhananyň sergi bölüminiň iň görnükli ýerinde Aşgabat ― 140 ýazgysy ýerleşdirilen halylar ýerleşdirildi.

Abadan haly 2016-njy ýyldan bäri polipropilen ýüplüklerden halylary we haly önümlerini öndürip gelýär. Bu kompaniýa häzirki wagtda Türkmenistanda polipropilen haly önümlerini öndürijileriniň iň ulusydyr. Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň NGIZT-den alynýar.

Sergide Abadan halynyň wekili Baýram Ýowjanow Türkmenportalyň habarçysyna şeýel gürrüň berdi:

― Sergide täze önümlerimizi hem görkezdik. Olaryň hemmesi göwrümi 6 inedördül metre barabar halylardyr. Tolkun, Kerwen, Sähra ýaly reňkli döredijilik eserleri we adaty we häzirki zaman reňkdäki beýleki haly önümleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Polipropilen halylary özüne çekijiligi we elýeter bahasy bilen uly meşhurlyga eýe bolýar.

Umumy meýdany 14,5 gektara barabar toplumymyz Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýär. Bu ýerde oturdylan enjamlar Ýewropa standartyna laýyk gelýär.

Abadan halynyň önümleri ISO derejeli halkara hil talaplaryna hem laýyk gelýär. Häzir kärhana Gazagystan, Türkiýe, Owganystana, Azerbaýjana we beýleki döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy
Eýranyň işewürleri “Abadan haly” AGPJ-niň haly toplumyna baryp gördüler
Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär
Awtomobil ulag hyzmaty tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler