99-njy ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Beýik Britaniýa “Gran Prisi” Angliýanyň Silwerstoun şäherçesiniň adybir trassasynda geçirildi. Ýaryşyň ilkinji öwrüminde çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barýan 1-nji ýerdäki Maks Werstappen bilen Lýuwis Hamiltonyň ulaglary kiçeňräk çaknyşyk geçirdi. Çaknyşygyň netijesinde, gollandiýaly sürüji Werstappen ýaryşy dowam etdirip bilmedi.

Trassa arassalananyndan soň, täzeden ýaryş başlady we 10 sekuntlyk jerime alan britaniýaly Hamilton 4-nji orna düşdi. Ýöne muňa garamazdan üstünlikli çykyş eden “Mercedes” toparynyň piloty Hamilton 58 aýlawy 1 sagat 58 minut 23,284 sekuntda tamamlap, pellehanadan birinji bolup geçdi. Şu möwsümde 5 ýaryşdan soň ilkinji, umumylykda 4-nji ýeňşini gazanan Hamilton karýerasy boýunça 99-njy gezek bir bäsleşigi birinji orunda tamamlady.

Hamiltondan 3,871 sekunt yza galan “Ferrariniň” monakoly sürüjisi Şarl Lekler 2-nji, Mercedes toparynyň fin piloty Waltteri Bottas 3-nji ýeri eýeledi.

10 ýaryşdan soň “Red Bull” toparynyň gollandiýaly sürüjisi Werstappen 186 utuk bilen öňdeligini saklap gelýär. Hamiltonyň 177, 3-nji basgançakdaky britaniýaly Lando Norrisiň (“McLaren”) 113 utugy bar.

Möwsümiň 11-nji ýaryşy 1-nji awgustda Wengriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
35 ýyllyk rekord täzelendi
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Çempionyň 50-nji ýeňşi
Öz rekordyny täzeledi
945 günden soň ýeňiş gazandy
Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi