965 kilometre ýeter

Belli awtoulag dizaýneri, elektroulag öndüriji startapyň ýolbaşçysy Henrik Fisker “Ronin” atly täze elektroulagyň taýýar ediljekdigini mälim etdi.Mundan ozal onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy köp bölegi ozal ulanylan harytlaryň galyndylaryndan öndürilýän “Ocean” atly ulagyny tanyşdyrypdy.

Täze üsti açylyp-ýapylýan, dört gapyly ulag bir gezekki zarýady bilen 965 kilometre çenli ýol geçer. Şeýle uzak aralyga gidip bilmegi üçin ulagyň aerodinamikasy gowlandyrylar, batareýanyň güýji güni tigirlere geçiriler.

Ulag 0-100 km/sagat tizlige 2 sekuntda ýeter.Bu bolsa örän ýokary görkeziji bolup, dünýäde şeýle çalt bat alyp bilýän örän az sanly ulag bar. “Ronin”-iň ilkinji nusgasy 2023-nji ýylyň awgust aýynda tanyşdyrylar.

Elektroulagyň bahasynyň 200 müň dollara golaý boljakdygy bellenilýär.

Kompaniýa häzirki wagtda “Pear” atly ýene bir krossower ulagyny işläp taýýarlaýar.

Leýla Durdymuhammedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça duşuşyk geçirildi
Olimpiadanyň taryhyndaky täsin wakalar
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
“The London Gazette” neşiriniň ilkinji nusgasy çap edilýär
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Tom Kruz üçin ýerine ýetirip bolmajak missiýa ýok (Hepdäniň täze filmi)