945 günden soň ýeňiş gazandy

Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Angliýanyň Silwestoun şäherçesinde geçirildi. 52 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Mercedes” toparynyň rowaýaty sürüjisi, britaniýaly Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy.Ol 2-nji hatardan başlan ýaryşyny 1 sagat 22 minut 27,059 sekuntda tamamlap, 945 günden soň F1 ýaryşynda birinji orny eýeledi. Ýagny ol soňky gezek F1-de 2021-nji ýylyň dekabrynda Saud Arabystany “Gran Prisinde” ýeňiji bolupdy.

Bu onuň 104-nji ýeňşi bolup, ol öz rekordyny ösdürdi. Şeýle-de, 39 ýaşyndaky Hamilton bir “Gran Pride” 9-njy ýeňşini gazanyp, bu ugurda-da rekordyň ýeke-täk eýesi boldy. Ýaryşda 2-nji ýeri “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen eýeledi.

Ol ýeňijiden 1,465 sekunt yza galdy.Münberiň 3-nji basgançagyna “McLaren” toparynyň britan sürüjisi Lando Norris çykdy.Onuň awstraliýaly topardaşy Oskar Piastriniň 4-nji bolan ýaryşynda “Ferrari” toparynyň ispan piloty Karlos Saýns Junior 5-nji ýeri eýeledi.

Ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell 33-nji aýlawda ulagynda dörän näsazlyk sebäpli ýaryşy tamamlap bilmedi.

Geçirilen bu ýaryşdan soň Maks Werstappen utugyny 255-e ýetirip, liderligini dowam etdirýär. 2-nji ýerdäki Lando Norrisiň 171, 3-nji basgançakdaky Şarl Lekleriň 150 utugy bar.

Möwsümiň 13-nji ýaryşy 21-nji iýulda Wengriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
35 ýyllyk rekord täzelendi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi
Öz rekordyny täzeledi
Çempionyň 50-nji ýeňşi