92 ýyllyk Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek

Futbol boýunça Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek zenan futbol bir duşuşyga eminlik etdi.Katar 2022-de “E” toparçada Kosta Rika bilen Germaniýanyň arasyndaky duşuşykda fransiýa zenan Stefani Frappar jürlewük çaldy. 4-2 hasabynda Germaniýanyň ýeňşi bilen tamamlanan oýunda oňa Neuza Bek bilen Karen Diaz kömekçi eminler hökmünde ýardam berdi. Şunlukda, Dünýä Kubogynyň 92 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek bir duşuşyga zenan emin eminlik etdi.

38 ýaşyndaky Frappar diňe bir Dünýä Kubogynyň ilkinjileriniň hatarynda bolman, ol Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda-da jürlewük çalan ilkinji zenan emin bolupdy. Galyberse-de, ol UEFA Çempionlar Ligasynda-da duşuşyga eminlik eden ilkinji zenan hökmünde taryha giripdi.

Dünýä Kubogyna ýene-de 2 zenan emin çagyrylyp, olar ýaponiýaly Ýoşimi Ýamaşita bilen ruandaly Salima Mukansangadyr.

Ýene degişli makalalar

FIFA Katar 2022-niň eminlerini mälim etdi, zenan eminler hem çagyryldy
Ysraýyl 9 Palestinalyny Boşatdy
Seýitjan Mirzaýew agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda silterläp götermekde ikinji orna mynasyp boldy
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň mediýalarynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi
19.03.2020 | Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi