Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Porte de Versailles sergiler merkezinde halkara awtoulag sergisi geçirilýär. 90-njy gezek geçirilýän Mondial de l’Automobile sergisinde Fransiýadan we beýleki ýurtlardan awtoulag senagatynda iş alyp barýan kompaniýalar öz harytlaryny görkezýärler.
Sergide 48 brend özüniň täze ulagyny köpçülige görkezdi.Olaryň arasynda Renault, BMW, Audi, BYD, Citroen, Dacia ýaly kompaniýalaryň täze ulaglary bar.Täze tanyşdyrylan ulaglaryň ählisi diýen ýaly gibrid ýa-da dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär.
Pandemiýa döwründe awtoulag sergileriniň köpüsi ýatyryldy, yza süýşürildi ýa-da onlaýn usulda geçirildi. Pariždäki gözden geçirişde bolsa, şeýle sergilere islegiň gaýtadan artyp başlandygyny görmek bolýar. Sergide, esasan, Ýewropa we hytaý brendleriniň önümleri bar.
Resul GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.