9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, Aşgabatda täze saglygy goraýyş edaralary açyldy, Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň Magtymgulynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly gowşuryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1. 8-nji oktýabrda Moskwada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

2.Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň energetika ulgamynda GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.Döwlet Baştutany GDA-da ýaşyl ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry hasaplaýandygyny nygtady. 3.

Sammitiň ahyrynda 2025-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmek baradaky çözgüt kabul edildi.Gol çekilen resminama laýyklykda, geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer. 4. Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.

Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. 5.Ir bilen Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy.

Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 6.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Bu medal Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary nazara alnyp gowşuryldy.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejep Taýyp Ärdogan ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen hem sylaglandy. 7. 10-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Laçyn seýilgähinde beýik gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçiriler.

Açylyş dabarasy A ýerli intelligensiýanyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň, gazak diasporasynyň, alymlaryň we ýazyjylaryň gatnaşmagynda geçiriler. Ýadygärligiň açylyş dabarasy düýn başlanan Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde bolup geçer.

Dünýäde 8.Florida ştatynyň ýolbaşçylary Milton harasatynyň ýakynlaşmagy sebäpli 5,5 milliondan gowrak ýaşaýjyny köpçülikleýin ewakuasiýa etmäge çagyrdy.Hatda şeýle duýduryşlara üns bermeýän ýaşaýjylaryň hem bu gezek ýolbaşçylaryň çagyryşyna eýermek kararyna gelendigi ýagdaýyň çynlakaýdygyny subut edýär.

Esasy awtoulag ýollarynda ulag dykynlarynyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin adamlara ýurduň has çetki ýerlerine uzak syýahat etmezden, iň ýakyn gaçybatalgalarda pena tapmak maslahat berilýär. 9.Amerikanyň Spirit Airlines awiakompaniýasy ýolagçylaryň daşky keşbine talaplary has berkitdi.

Awiakompaniýa indi tutuş bedeni örtýän sada eşikleri talap edýär.Täze düzgünler krop-toplar sebäpli uçara münmäge rugsat berilmedik iki ýolagçy bilen bolan wakadan soň güýje girdi.Uçaryň işgäriniň eginlerini örtmek baradaky haýyşyna garamazdan, gyzlar talaby berjaý etmediler.

Spirit Airlines awiakompaniýasynyň wekilleri ekipažyň agzasynyň hereketleriniň kanunydygyny öňe sürýärler. Ýolagçylaryň petek satyn alanda gol çekýän 60 sahypalyk uçuş şertnamasynda uçaryň içinde talabalaýyk keşpde bolmalydygy talap edilýän düzgün bar.

Resminamada gelşiksiz lybasyň uçara münmäge garşy çykylmagyna sebäp bolup biljekdigi aýdylýar.Sport täzelikleri 10.Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Kolombo şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa woleýbol konfederasiýasynyň çempionatyndaky çykyşlaryna üstünlikli başlady.

Ilkinji oýunda türkmen woleýbolçylary Maldiw adalarynyň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdiler, ikinji oýunda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar.Bäsleşige 6 döwletiň ― Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Şri-Lankanyň, Nepalyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylary gatnaşýar.

Deslapky tapgyrda milli ýygyndylar bir aýlaw görnüşinde oýnarlar, şondan soň 1-2-nji orny eýelän toparlar finalda duşuşarlar, 3-4-nji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medallar ugrunda bäsleşerler.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Tomusky dynç alşyňyzy Turkish Airlines bilen meýilleşdiriň
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär