9-njy oktýabr Bütindünýä poçta güni

Her ýylyň 9-njy oktýabry Bütindünýä poçta güni hökmünde bellenilýär. 1939-njy ýylda Buenos-Aýresda geçirilen Xl Bütindünýä poçta kongresinde “Bütindünýä poçta birleşiginiň gününi” bellemek

teklip edilýär. Bu senäniň saýlanmagynyň sebäbi 1874-nji ýylyň 9-njy

oktýabrynda “Bütindünýä poçta birleşigi” esaslandyrylmagydyr.

Emma şol döwür bu karar güýje girmän eken.

Şuňa meňzeş karar Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 1969-njy ýylyň XVI Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde hem

kabul edilýär. Halkara baýramçylyk hökmünde Bütindünýä poçta birleşiginiň güni

ilkinji gezek 1970-nji ýylda bellenildi.

1984-nji ýylda Gamburgda

geçirilen 19-njy

Bütindünýä poçta kongresinde Bütindünýä poçta birleşiginiň gününi Bütindünýä

poçta gününe öwürmek barada karar kabul edilýär. Ondan öň Ottawada geçirilen XIV

Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde her ýyl hat-ýazuw hepdeligini 9-njy oktýabrda, Bütindünýä poçta gününe öwürmek kararyna

gelinýär. Bu baýram BMG-niň halkara günleriniň düzümine hem girýär hem-de dünýäde poçta

hyzmatlarynyň ýaýramagyna we ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir. 1994-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň karary bilen iýul aýynyň ikinji

ýekşenbesi “Russiýa poçta güni” diýlip bellenildi.

Dünýä ýurtlarynda “Bütindünýä poçta güni” bilen

baglanyşykly birnäçe gyzykly çäreler, ýaryşlar geçirilýär. Mysal üçin, 2005-nji ýylda Kamerunda poçta

işgärleri bilen CAMTEL telekommunikasiýa kompaniýasynyň işgärleriniň arasynda

futbol oýny geçirilýär. Bütindünýä poçta güni mynasybetli poçta markalary,

sergileri guralýar, konsert çäreleri geçirilýär. 2006-njy ýylda bu günüň hormatynda Arhangelsk poçta bölüminde “Köýnek

hatlary” atly poçta bukjalarynyň sergisi açylýar.

2007-nji ýylyň 9-njy

oktýabrynda “ Rus poçta”-nyň sebit bölümlerinde “Men elipbiý çekýärin” atly poçta

markasyny çyzmak boýunça bäsleşik geçirildi we ýeňijiler yglan edilip sowgatlar

berildi. Bu bäsleşik, ilkinji poçta markasynyň Russiýada dolanyşyga

girizilmeginiň 150 ýyllygyna, şeýle hem rus

diliniň ýylyna we rus poçtasy ösüşiniň taryhyna bagyşlandy. Bäsleşik Rus

poçtasy we Marka neşirýat we söwda merkezi hem-de Russiýanyň Filatelistler bileleşigi

tarapyndan guralýar. Görnüşi ýaly bu sene baýramçylyk görnüşinde her ýurtda

dürlüçe geçirilýär.

Seýli ARYŞOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Lufthansa kärhanasynyň Buenos Aýres-Frankfurt saparyny amala aşyran uçar turbulentlige girdi
Kiçijik Leo nädip Messi boldy
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine täzeden saýlanyldy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine täzeden saýlanyldy