9-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

9-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy, Türkmenistan we BMGÖM täze başlangyçlary işe girizdiler, 23 sany özboluşly ösümlik görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşirine girizildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Habar berlişi ýaly, döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlar netijesinde, gallaçy daýhanlar Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Şunuň bilen birlikde, ýurtda galla oragy dowam edýär. 2.

Türkmenistan we BMGÖM saýlaw ulgamyny pugtalandyrmak we hukuk kömegini bermek boýunça täze başlangyçlary işe girizdiler: milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna ýetmek üçin uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek maksady bilen, birnäçe strategiki şertnamalara gol çekildi.

Hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öňegidişligi çaltlaşdyrmakda Türkmenistany goldamak boýunça resminamalara gol çekildi. 3.Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşiriniň botanika bölümine 23 sany özboluşly ösümlik görnüşi girizildi.

Türkmen arçasy döwletiň goragy astyna gaýdyp geldi. Şeýle hem alymlaryň karary bilen, bu sanawa gary söýýän waleriana, Regeliň armydy, Narbutyň irisi, ýaldyrawuk, Gissar we Türküstan çigildemleri we başgalar girýär. 4.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guşçulygy ösdürmek boýunça ylmy-amaly duşuşyk geçirildi.Duşuşyga professor-mugallymlar, ýokary okuw mekdebiniň talyplary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar.

Duşuşykda towuklary köpeltmek, saklamak we ösdürip ýetişdirmek, ýumurtga we guş etini almak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.TSTB-niň wekilleri guşçulyk pudagynyň ýurtda azyk howpsuzlygyny döretmekdäki we ykdysady ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler. 5.

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen iberilmeginiň ýurduň milli abadançylygyna we Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini belledi.Ol bu pikirini Azerbaýjanda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň resmi däl sammitinde beýan etdi.

Dünýäde

6.Singapuryň Azyk müdirligi azyk hökmünde sarp etmek we import etmek üçin 16 mör-möjek görnüşini tassyklady.Olaryň hatarynda çyrlak, çekirtge, nahar gurçugy, bal arysy we ýüpek gurçugy bar. Ýolbaşçylar mör-möjekleri iýmegiň ýurt üçin täze ugurdygyny bellediler. Şonuň üçin bu adaty bolmadyk önümleri sarp etmek üçin ýörite teklipleri işläp düzmek zerurdyr. 7.

Meşhur stilist Aleksandr Rogow ýetip gelýän güýz-gyş möwsüminiň esasy modasy barada maglumatlary paýlaşdy.Moda bilermeni ýapyk boýnuň we dekolteniň esasy tendensiýa boljakdygyny aýtdy.Rogowyň bellemegine görä, öňdebaryjy moda öýleriniň toplumlarynda beýik ýakalar agdyklyk eder.

Sport habarlary

8. 26-njy iýundan 11-nji awgusta çenli aralykda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşar.Milli ýygyndynyň düzümine Aşgabatdan iki türgen girdi: olar halkara derejeli sport ussady Musa Jalaýew bilen sport ussady Aýnura Primowadyr.

Iki ýüzüji hem milli derejeli ýaryşlaryň köp gezek ýeňijileridir.Musa Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşar, Aýnura bolsa 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça çykyş eder. 9.

Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2024-nji ýylyň 30-njy iýuny aralygynda dünýäniň iň gowy 500 futbol klubynyň ýyllyk sanawyny neşir etdi.

Türkmen toparlaryndan sanawa diňe Aşgabadyň Altyn asyry girizildi.Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň sekiz gezek çempiony 420-nji orny eýeledi.Sanawyň lideri Real Madrid kluby boldy.

Ýene degişli makalalar

Munawwar Kari
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň Içeri işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar
Täjik edebiýaty