9-njy GEZEK ÝEŇIŞ GAZANDY

Amerikan beýsbol ligasy MLB-de (Major League Baseball) çempion belli boldy.Final tapgyrynyň 5-nji duşuşygynda myhmançylykda “Los Anjeles Dojersi” 5:1 ýeňen “Boston Red Soks” umumy hasapda 4:1 öňe saýlandy we taryhyndaky 9-njy çempionlygyny gazandy. 12-nji duşuşyklarda 8:4 we 4:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanan “Boston Red Soks”, 3-nji oýunda 3:2 ýeňlipdi.

Taryhynda 13-nji gezek finalda oýnan “Boston Red Soks” 4-nji duşuşygynda-da garşydaşyndan 9:6 üstün çykypdy. “Boston Red Soks” topary mundan ozal, 1903, 1912, 1915, 1916, 1918, 2004, 2007, 2013-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy.

Bassyr 2-nji gezek finalda utulan “Los Anjeles Dojers” 30 ýyldan bäri kubogy gazanyp bilenok. 6 çempionlygy bolan “Los Anjeles Dojers” taryhynda 20-nji sapar finala çykypdy.MLB-de iň köp çempionlyk gazanan topar “Nýu Ýork Ýankis” bolup, olar 47 gezek kubogy eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş
Dünýä Kubogy 2026-nyň geçiriljek şäherleri mälim edildi
“Golden Steýt Warriors” 7-nji gezek NBA-nyň çempiony
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
93-nji Oskar dabarasy duşenbe güni daňdan geçiriler
Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi