9-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

9-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy, Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy, Minnihanow Akdost atly alabaýynyň täze suratlaryny paýlaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.Soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we gönükdirilen ugry barada bitewi garaýşyň döremeginde netijelidigini görkezdi. Şu gezekki duşuşyk döwlet Baştutanlaryna sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. 2.

Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Çärä Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärlerinden, kino pudagynyň wekillerinden, muzeý hünärmenlerinden we žurnalistlerden ybarat wekiliýet gatnaşdy.Dabaraly çäreler başlanmazdan öň, oňa gatnaşyjylar guralan sergini synladylar, ol ýerde milli sazyň owazy astynda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen tanyşdylar. 3.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minihanow sosial ulgamyndaky hasabynda özüniň Akdost atly alabaýynyň täze suratlaryny paýlaşdy.Suratlarda alabaýyň ulalandygyny görmek bolýar.Kiçiräk gölejik ýaly ulaldy we edil pil ýaly iýýär diýip, Minihanow özüniň hasabyndaky teswirinde belledi. 4.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi. 5.

Moskwa şäherinde XII Taksi Halkara Ýewraziýa forumy geçirildi we oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.Türkmenawtoululary agentliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekilýeti forumyň ýokary derejede guralýan işewürlik maksatnamasynyň bir bölegine gatnaşdy.

Dünýäde

6.Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg gyzykly bir hakykaty ýüze çykardy: zenanlar erkekler bilen deňeşdirilende, döwrebap tehnologiýalary ulanmak sebäpli has köp stressi başdan geçirýärler.

Hünärmenler maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň işe we şahsy durmuşa edýän täsirini öwrendiler.Gözlegiň netijeleri zenanlaryň sanly ýadawlyk bilen has köp ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny görkezýär.Gözlegiň dowamynda 29 ýurtdan 6600-den gowrak zähmet çekýän zenanyň maglumatlary seljerildi. 7.

Italýan restoranlarynyň biri syýahatçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň ünsüni çekdi.Bu kärhana Gawaýy pissasynyň bahasyny 100 ýewro çenli artdyrdy, bu menýudaky beýleki pissalaryň bahasyndan 10 esse ýokarydyr.Bilermenler munuň italýan aşpezlerine öz aşhanasynda daşary ýurt nahary taýýarlandygy üçin öwez tölegi bolandygyny bellediler.

Hakykatdanam, 1962-nji ýylda Kanadada oýlanyp tapylan Gawaýy pissasy italýanlaryň arasynda meşhur däldir we ýurduň aşpezlik däpleriniň bozulmagy hasaplanýar.Sport habarlary

8.Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy 17 ― 24-nji awgust aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziçanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşar. Ýaryşa Merkezi Aziýanyň alty döwletiniň: Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýetginjekler ýygyndylary gatnaşar.

CAFA 2024 çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bejeleri 15-nji awgustda çekiler. Şondan soň ýaryşyň doly senenamasy paýlaşylar. Ýaryşyň ähli duşuşyklaryna CAFA-nyň YouTube-däki resmi kanaly arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar
Ermenistanda Partlama Boldy
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy