9 golly oýnuň ýeňijisi “Altyn asyr”

AFK Kubogynda “F” toparçada çykyş edýän “Altyn asyr” toparynyň az salym öň 2-nji duşuşygy tamamlandy.

Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” topary bilen Täjigistanda duşuşan ildeşlerimiz kynlyk bilenem hem bolsa ýeňiş gazanmagy başardy.

9 goluň geçirilen oýnunda “Altyn asyr” topary 3 gol aratapawudy bilen öňe saýlandy. Ýöne goýberilen ýalňyşlyklardan soň, 2 awtogoluň hem geçirilmegi bilen hasap deňlendi. Emma muňa garamazdan, ruhdan düşmedik aragatnaşykçylar soňky minutda-da bolsa ýeňiş goluny geçirip, 5-4 hasabynda “Alaý” toparyndan üstün çykdy we utugyny 4-e ýetirdi.

Oýnuň 2-nji minutynda Oibek Adbulgafarowyň öz derwezesinden geçiren goly esasynda Altyn asyr 1-0 öňe saýlandy. 29-njy minutda Aidar Mambetaliýewiň goly bilen hasap deňlendi.Birinji ýarymyň ahyrlarynda ildeşlerimiz hüjümlerini ýygjamlaşdyryp, 2 gol geçirdi. 41-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew ýaryşdaky 21-nji goluny penaltiden tora girizdi.

Bu goldan 3 minut wagt geçensoň Rowşengeldi Halmämmedowyň pasyny dürs kabul eden Wezirgeldi Ylýasow aratapawudy 2-ä çykardy we toparlar arakesmä çykdylar.

Ikinji ýaryma-da gol bilen başlan “Altyn asyr” azda-kände arkaýynlaşdy.Oýnuň 48-nji minutynda 3-nji goluň awtory Ylýasowyň pasyndan soň Mihail Titow tapawutlandy we “Altyn asyr” 4-1 öňe saýlandy. Şondan soň 4 oýunçy çalşan “Altyn asyr” 72-nji minutda hem-de 83-nji minutlarda derwezesini goldan gorap bilmedi.

Bu awtogollary degişlilikde Güýçmyrat Annagulyýew bilen Furkat Tursunow öz derwezesinden gol geçirdi.Oýnuň 89-njy minutynda bolsa, Adilet Nurlan hasaby deňledi.Duşuşygyň 90+3-nji minutynda eminiň bellän penalti urgusyny dürs uran Altymyrat Annadurdyýew “Altyn asyr” ýeňiş getiren oýunçy boldy.

“Altyn asyr” 3-nji duşuşygyny 20-nji maýda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen geçirer.

ALAÝ ALTYN ASYR: 4-5

(Aidar Mambetaliýew 28, Güýçmyrat Annagulyýew 72 ö.d., Furkat Tursunow 83 ö.d., Adilet Nurlan 89 Oibek Adbulgafarow 2 ö.d., Altymyrat Annadurdyýew 41 p, 90+3 p, Wezirgeldi Ylýasow 44, Mihail Titow48)

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr ilkinji duşuşygynda utuk ýitirdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär